ZYÝANLY ENDIKLERDEN DAŞDA DURMAK HER BIRIMIZIŇ ESASY BORJUMYZDYR

Golaýda Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň 54-nji orta mekdebiniň mejlisler zalynda Lebap welaýatynyň Çärjew etrap Polisiýa bölümi hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Çärjew etrap Geňeşi bilen bilelikde guramagynda etrabyň 53-54-nji orta mekdepleriniň mekdep okuwçylarynyň gatnaşmagynda 2025-nji «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» diýlip atlandyrylmagy hem-de ýaşlaryň arasynda terbiýeçilik işlerini güýçlendirmek maksady bilen «Zyýanly endiklerden daşda durmak her birimiziň esasy borjumyzdyr!» atly terbiýeçilik ähmiýetli wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Duşuşykda çykyş edenler ýokary synp okuwçylarynyň zyýanly endiklerden daşda durmagy, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2022-nji ýylyň 25-nji fewralyndaky “Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2022-2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasyny we ony amala aşyrmak boýunça meýilnamasyny” hem-de “Raýatlaryň saglygynyň temmäki tüssesiniň täsirinden we temmäki önümlerini ulanmagyň netijelerinden goralmagy” hakynda Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda durmuşa geçirmek boýunça giňişleýin işler alnyp barylmagy dogrusynda gürrüň etdiler.

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaş nesilleriň saglygy ugrunda uly aladalar edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdylar.

Abadan DÖWLETGELDIÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň

Çärjew etrap Geňeşiniň guramaçylyk

bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

03 Iýun 2025 | 0 okalan

ÇAGA GÜLKÜSI – BAGT GÜLKÜSI

03 Iýun 2025 | 0 okalan

SPORT KÄMILLIGE BADALGA

03 Iýun 2025 | 0 okalan

HOŞ GAL EZIZ BAKJAM