WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher Geňeşi, polisiýa bölümi we bilim bölüminiň bilelikde guramagynda 10-njy we 13-nji orta mekdepleriniň mugallymlarynyň hem-de okuwçylarynyň arasynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýetip gelýän “Soňky jaň” dabarasyny guramaçylykly geçirmek we tertip-düzgün kadalaryny ýatdan çykarmaly däldigini ýatlatmak maksady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşyk öwüt-nesihat mowzugynda bolup ýaşlarda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy.

Duşuşykda çykyş edenler ösüp gelýän ýaş nesle döredip berýän mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli umumadamzat ähmiýetli alyp barýan işleriniň mundan beýläk hem rowana ýollarda rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.

Güljemal BAÝLYÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Türkmenbaşy şäher

Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar