Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrap Geňeşi, etrap bilim bölümi bilen bilelikde Türkmenbaşy etrabynyň 2-nji orta mekdebinde ene-mamalarymyzyň milli ýörelgelerini, halal zähmet terbiýesini, hünär ussatlygyny ýaşlarda terbiýelemek maksady bilen «Gyz edebi-il edebi» ady bilen ýokary synp mekdep okuwçy gyzlaryň arasynda wagyz-nesihat duşuşygyny geçirdiler.
Duşuşyga gatnaşanlar türkmen gyzlaryna mahsus bolan gylyk-häsiýetler, şeýle-de jemgyýetde özüňi alyp barmagyň düzgünleri barada täsirli çykyş etdiler.
Halkymyzyň hem-de ýaş nesilleriň geljegi ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, belent başynyň aman bolmagyny arzuw etdiler.
Gültäç ALYHANOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň
Türkmenbaşy etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.