NESIL TERBIÝESI IŇ ULY BAÝLYK

Magtymguly etrabynyň ýöriteleşdirilen 19-njy orta mekdebiniň mejlisler zalynda ýokary synp okuwçylarynyň arasynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda ýaşlarda milliligimize sarpa goýmak, ululary sylamak, kiçileri söýmek, merdana pederlerimizden nusgalyk bolan agzybirlik, dostluk-doganlyk ýaly ajaýyp häsiýetleri özüňde terbiýelemek barada täsirli çykyş etdiler.

Maslahatyň dowamynda çykyş edenler edep-ekramlylyk hakynda Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp eserlerinden rowaýatlardyr tymsallary, nakyllardyr atalar sözlerini mysal getirdiler. Wagyz-nesihat duşuşygynyň ahyrynda oňa gatnaşanlar döredilip berilýän mümkinçilikler üçin Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş sözlerini aýtdylar.

Bägül BOÝALYÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň

Magtymguly etrap Geňeşiniň başlygynyň w.w.ýe.ýe.

Meňzeş habarlar

17 Noýabr 2025 | 41 okalan

ONUŇ ÜÇIN BU DÜNÝÄDEN GITME ÝOK

17 Noýabr 2025 | 37 okalan

WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI

17 Noýabr 2025 | 26 okalan

BILIM BILEN HIKMET – ALTYNDAN GYMMAT