TÄSIRLI GEÇEN WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Bereket etrap Geňeşi, etrap prokuraturasy, polisiýa bölümi, bilim bölümi bilen bilelikde etrabyň 19-njy orta mekdebiniň okuwçylarynyň gatnaşmagynda wagyz-nesihat duşuşygyny geçirdiler.

Duşuşykda çykyş edenler Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýetip gelýän “Soňky jaň” dabarasy mynasybetli baýramçylyk günlerinde tertip-düzgün kadalaryny doly we dogry berjaý etmeklerini ündedidiler. Orta mekdebi tamamlap daşary ýurtlara bilim almak, syýahat etmek maksady bilen gitmek isleýän ýaşlara türkmen halkyna mahsus bolan watansöýüjilik, ruhubelentlik, millilik, arassa ahlaklylyk ýaly häsiýetleri bilen özlerini gowy tarapdan görkezmekleri babatda birnäçe maslahatlary berdiler. Şeýle hem baran ýerleriniň kanunçylygyna hormat goýmagy tabşyryp, ata Watanymyza sag aman dolanyp gelmeklerini arzuw etdiler.

Duşuşygyň ahyrynda çykyş edenler ýaşlara ylym-bilim almaga, döwrebap dynç almaga, dünýä tejribesini öwrenmäge we özleşdirmäge ähli mümkinçilikleri döredip berýän Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny, beýik işleriniň üstünliklere beslenmegini arzuw etdiler.

Döwrandurdy ORAZDURDYÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň

Bereket etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar