Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşiniň Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Balkan welaýat komiteti hem-de Balkan welaýat prokuraturasy bilen bilelikde guramagynda Balkanabat şäheriniň 19-njy orta mekdebinde ýaşlaryň temmäki önümleriniň ulanylmagynyň ýaramaz täsirlerine degişli habardarlygyny ýokarlandyrmak maksady bilen, «Ýaman endiklerden daşda dur» atly şygar bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe sagdyn durmuş ýörelgeleriniň ähmiýeti, ýaş nesilleriň milli ruhda terbiýelenmegi, saglyga zyýan ýetirýän ýaramaz endiklere garşy göreşmek, raýatlaryň beden we ruhy taýdan sagdynlygyny gazanmak dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler.
Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaşlaryň sazlaşykly ösüşi we saglygy, mynasyp bilim almaklary, ylym we döredijilik, bedenterbiýe, sport bilen meşgullanmaklary ugrunda döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.
Ennebike ANNAGELDIÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat
Geňeşiniň Umumy bölüminiň müdiri.