Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Esenguly etrap Geňeşi, etrap bilim bölümi, etrabyň hukuk goraýjy edaralarynyň wekilleri bilen bilelikde guramagynda 2024-2025-nji okuw ýylynyň tamamlanmagy mynasybetli «Soňky jaň» dabarasyny guramaçylykly geçirmek, jemgyýetçilik ýerlerde tertip-düzgüni doly we dogry berjaý etmekligi ýaşlaryň aňyna ornaşdyrmak maksady bilen, 7-8-10-11-12-13-nji orta mekdepleriniň uçurymlarynyň arasynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň başynda çykyş edenler Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, mekdebi tamamlaýan okuwçylaryň «Soňky jaň» dabaralarynyň döwrebap geçirilmegi ugrunda alnyp barylýan netijeli işler dogrusynda gürrüň edildi. Şeýle hem çärede tertip-düzgüni berk berjaý etmeklige aýratyn üns berildi.
Çäräniň ahyrynda bagtyýar nesilleriň geljegi ugrunda uly aladalar edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.
Alfiýa ŞEMMIÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň
Esenguly etrap Geňeşiniň sanly ulgam
boýunça esasy hünärmeni.