Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Esenguly etrap Geňeşi, etrap zenanlar guramasy, etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde guramagynda etrap häkimliginiň mejlisler jaýynda ene-mamalarymyzdan miras galan milliligi, asyllylygy, ula hormat goýmagy, kiçini sylamagy wagyz etmek maksady bilen, etrabyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň ýokary synp okuwçylaryň arasynda «Gyz-gylygy bilen, ogul-edebi bilen» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Duşuşykda çykyş edenler ajaýyp döwrümizde nesil terbiýesine, esasan hem, milli ruhda terbiýelemäge aýratyn ünsüň berilýändigi, ata-babalarymyzyň bize miras goýan gymmatly edep-terbiýe, durmuş mekdebiniň ähli ynsana mahsus gelýän ýörelgeleriniň manysynyň örän çuňdygy, pederlerimiziň gymmatly mirasynyň biz üçin nusgalykdygy barada uly buýsanç bilen bellediler.
Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar milliligimize, edim-gylymlarymyza belent sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.
Bagtyýar MATDYÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň
Esenguly etrap Geňeşiniň uly buhgalteri.