Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Esenguly etrap Geňeşiniň etrap bilim bölümi, etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde guramagynda etrabyň 9-njy orta mekdebiniň mejlisler zalynda okuwçylaryň arasynda «Sagdyn jemgyýet — Berkarar döwlet» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda çykyş edenler zyýanly endikleriň adamyň ömür dowamlylygyny kemeldýändigi, şeýle hem, sport bilen meşgullanmagyň, dogry we kadaly iýmitlenmegiň, sagdyn durmuş ýörelgelerini alyp barmagyň ähmiýeti dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler.
Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaş nesliň berk bedenli, sagdyn bolup ýetişmegi ugrunda döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.
Bagtyýar MATDYÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň
Esenguly etrap Geňeşiniň uly buhgalteri.