Golaýda, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Halaç etrap Geňeşiniň guramagynda, ýaşlaryň sagdyn bedenli, ylymly, bilimli, arassa ahlakly, watansöýüji ýaşlar bolmaklaryny wagyz etmek maksady bilen Halaç etrabynyň 4-nji orta mekdebinde ýokary synp okuwçylaryň hem-de mekdebiň mugallymlarynyň gatnaşmagynda «Döwletiň baş maksady – sagdyn durmuş ýörelgesi» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Duşuşyga gatnaşanlar ýurdumyzda ýaşlaryň hemmetaraplaýyn ösen, beden we ruhy taýdan sagdyn, bilimli-ylymly bolmagyny gazanmak, ýaşlarda ata-babalarymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala getiren mertlik, edermenlik, watansöýüjilik, halallyk, ruhubelentlik, päkýüreklilik, arassa ahlaklylyk, zähmetsöýerlik ýaly häsiýetlerini terbiýelemek hem-de olaryň zyýanly endiklerden daşda durmagyny gazanmak maksady bilen alnyp barylýan işler dogrusynda birnäçe täsirli gürrüňler etdiler.
Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar halkymyzyň abadan, asuda, bolelin durmuşda ýaşamagy ugrunda edýän bimöçber aladalary üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza özleriniň çäksiz minnetdarlyklaryny bildirip, janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmaklaryny arzuw etdiler.
Gandym WELLEKOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
guramasynyň Halaç etrap Geňeşiniň
baş hünärmeni.