ÇAGA EZIZ, EDEBI ONDANAM EZIZ

Ýaňy-ýakynda Lebap welaýatynyň Dänew etrabynyň 20-nji çagalar bakja-bagynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Dänew etrap Geňeşiniň guramagynda 20-nji çagalar bakja-bagynda zähmet çekýän işgärleriniň gatnaşmagynda “Çaga eziz, edebi ondanam eziz” ady bilen wagyz nesihat duşuşygy geçirildi.

Duşuşykda çykyş edenler türkmen maşgalasynda nesil terbiýesinde durmuş tejribesine daýanýan ata-babalarymyz, ene-mamalarymyz görüm-göreldesi bilen aňyrdan gelýän däp-dessurlarymyzyň milli ýol-ýörelgelerimiziň esasynda ýaş nesil terbiýelenýär. Türkmen halky ýaş nesliň terbiýesine gaty inçelik sünnälik bilen çemeleşýär. Türkmen halkynyň arasynda iň ýagşysy edep-terbiýe diýen düşünje bar.Bu düşünje asyrlar boýy aramyzda nesil terbiýesi üçin çelgi bolup hyzmat edýär. Terbiýäniň iň gowysy bolsa görelde hasaplanýar diýip bellediler.

Duşuşyga gatnaşanlar Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.

Dursunjemal SARYÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň

Dänew etrap Geňeşiniň guramaçylyk

bölüminiň esasy hünärmeni.

 

Meňzeş habarlar

04 Iýun 2025 | 0 okalan

EKOLOGIÝA SYÝASATY DABARALANÝAR

04 Iýun 2025 | 0 okalan

EKOLOGIÝA ARASSAÇYLYGY ÝURDUŇ BEZEGI

03 Iýun 2025 | 32 okalan

ÇAGA GÜLKÜSI – BAGT GÜLKÜSI