TÜRKMEN ZENANYNYŇ KEŞBI – BELENT AHLAKLYLYGYŇ NUSGASY

Golaýda Lebap welaýatynyň Dänew etrabynyň 24-nji orta mekdebinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Dänew etrap Geňeşiniň, etrap häkimliginiň, etrap Bilim bölüminiň, hukuk goraýjy edaralarynyň we Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Dänew etrap komitetiniň bilelikde guramagynda Dänew etrabynyň 24-25-nji orta mekdepleriniň okuwçy gyzlarynyň gatnaşmagynda «Türkmen zenanynyň keşbi – belent ahlaklylygyň nusgasy» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Duşuşykda çykyş edenler türkmen gyz-gelinlerine mahsus bolan edep-ekramlylygy, ahlak arassalylygy, zähmetsöýerligi, salyhatlylygy, asyllylygy, şirin sözlüligi, mylaýymlylygy, utanç-haýalylygy, milliligi, näzikligi we sadalygy barada durup geçdiler.

Duşuşygyň dowamynda oňa gatnaşanlar türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman, il-ýurt bähbitli işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

Maýa BEŞIMOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar  guramasynyň Lebap welaýatynyň

Dänew etrap Geňeşiniň guramaçylyk

bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

04 Iýun 2025 | 0 okalan

EKOLOGIÝA SYÝASATY DABARALANÝAR

04 Iýun 2025 | 0 okalan

EKOLOGIÝA ARASSAÇYLYGY ÝURDUŇ BEZEGI

03 Iýun 2025 | 32 okalan

ÇAGA GÜLKÜSI – BAGT GÜLKÜSI