TÄSIRLI GEÇEN WAGYZ - NESIHAT DUŞUŞYGY

Ýakynda Türkmenbaşy Jins toplumynyň Magtymguly adyndaky ilkinji Ýaşlar guramasynyň guramagynda toplumda zähmet çekýän hünärmenleriň gatnaşmagynda “Sagdyn bedende — sagdyn ruh” atly şygar astynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Çäräniň dowamynda saglygyň we sportuň adamyň durmuşynda möhüm orny eýeleýändigi, bedeniň berk bolmagy üçin dogry iýmitlenmegiň, bedenterbiýe bilen meşgullanmagyň, arassaçylyk kadalaryny berjaý etmegiň zerurlygy dogrusynda giňişleýin gürrüň edildi.

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaşlaryň sportuň dürli görnüşleri bilen yzygiderli meşgullanmagy, saglygyny berkitmegi, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň kemala gelmegi ugrunda döredip berýän şert-mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Allanazar TÄÇMYRADOW,

Türkmenbaşy jins toplumynyň

Magtymguly adyndaky IÝG-niň başlygy.

Meňzeş habarlar

09 Iýul 2025 | 19 okalan

GYZYKLY GEÇEN BÄSLEŞIK

08 Iýul 2025 | 19 okalan

SPORT ÇÄRESI GEÇIRILDI

08 Iýul 2025 | 13 okalan

WATANYŇ GUWANJY — BAGTLY ÇAGALAR