“TEGELEK STOLUŇ” BAŞYNDA SÖHBETDEŞLIK DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

Ýakynda Türkmenbaşy dokma toplumynyň, Türkmenbaşy jins toplumynyň, “Türkmendemirýollary” agentliginiň Magtymguly adyndaky ilkinji Ýaşlar guramalarynyň “Miras” teleýaýlymynyň döredijilik topary bilen bilelikde guramagynda Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda “Tegelek stoluň” başynda söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda çykyş edenler häzirki wagtda ýaşlaryň jemgyýetçilik-syýasy işjeňliginiň barha artýandygy, ýurdumyzy mundan beýläk-de durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde olaryň ornunyň uludygy, döwletimizde alnyp barylýan ýaşlar syýasatynyň hukuk binýadynyň pugtalandyrylýandygy barada giňişleýin gürrüň etdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşanlar beden taýdan sagdyn, watansöýüji, ukyp-başarnykly, terbiýeli ýaş nesli kemala getirmek ugrunda döredip berýän şert-mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Gülälek TEJENGELDIÝEWA,

Türkmenbaşy dokma toplumynyň

Magtymguly adyndaky IÝG-niň uly buhgalteri.

Meňzeş habarlar

09 Iýul 2025 | 19 okalan

GYZYKLY GEÇEN BÄSLEŞIK

08 Iýul 2025 | 19 okalan

SPORT ÇÄRESI GEÇIRILDI

08 Iýul 2025 | 13 okalan

WATANYŇ GUWANJY — BAGTLY ÇAGALAR