WAGYZ — NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

Ýakynda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň syýasy Geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde tassyklan meýilnamasy esasynda Aman Kekilow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň mejlisler jaýynda talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Çärede çykyş edenler Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyzda sagdyn durmuş kadalaryny berjaý etmek boýunça alnyp barylýan döwlet syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirilýändigi, şeýle-de «Türkmenistanda temmäkä garşy göreşmek boýunça 2025-nji ýylyň maý aýynyň 1–31-i aralygynda geçiriljek çäreleriň meýilnamasynyň» maksady, ýaramaz endikleriň adam bedenine edýän täsiri, sagdyn durmuş we milli ahlak ýörelgelerini ýaýbaňlandyrmak dogrusynda gürrüň etdiler.

Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýurdumyzda raýatlaryň saglyk ýagdaýyny has-da gowulandyrmak we abadançylygyny ýokarlandyrmak, adam ömrüniň dowamlylygyny artdyrmak ugrunda alyp barýan netijeli işleri üçin Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Hoşgeldi ANNAGELDIÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň

Medeniýet we köpçülikleýin habar

beriş bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

09 Iýul 2025 | 19 okalan

GYZYKLY GEÇEN BÄSLEŞIK

08 Iýul 2025 | 19 okalan

SPORT ÇÄRESI GEÇIRILDI

08 Iýul 2025 | 13 okalan

WATANYŇ GUWANJY — BAGTLY ÇAGALAR