Ýakynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň Merkezi binasynda Türkmenbaşy dokma toplumynyň Magtymguly adyndaky ilkinji Ýaşlar guramasynyň “Miras” teleýaýlymy bilen bilelikde guramagynda Gahryman Arkadagymyzyň goňşy döwletlere dostlukly saparlary hem-de ýurdumyzda milli mirasymyzy gorap saklamak we ony geljekki nesillerimize ýadygär goýmak ugrunda edilýän tagallalar dogrusynda “Tegelek stoluň” başynda söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi.
Duşuşyga gatnaşanlar ýaňy-ýakynda Gahryman Arkadagymyzyň goňşy döwletlere amala aşyran dostlukly saparlary, dost-doganlyk gatnaşyklary, ýurdumyzyň barha ýokarlanýan halkara abraýy, alnyp barylýan netijeli işler, şeýle-de türkmen halkynyň milli gymmatlyklary, olary gorap saklamak we olary dünýä ýaýmak dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler.
Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar türkmen halkynyň asuda-abadan, eşretli we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.
Osman AŞYROW,
Türkmenbaşy dokma toplumynyň
Magtymguly adyndaky IÝG-niň başlygy.