BEÝIK MAKSAT – ÖSÜŞLERE BADALGA

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher hem-de Arkadag şäheriniň Geňeşleriniň bilelikde guramagynda Saçly Dursunowa adyndaky Arkadag şäher lukmançylyk orta hünär okuw mekdebinde «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda çykyş edenler 2025-nji Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Watanymyzyň dünýä döwletleri bilen dost-doganlyk, hoşniýetlilik, parahatçylyk esasynda ýola goýan gatnaşyklary, Gahryman Arkadagymyzyň ýaňy-ýakynda goňşy döwletlere amala aşyran dostlukly saparlary, giň gerimli halkara hyzmatdaşlyk hem-de 27 – 29-njy aprelde Arkadag şäherinde geçirilen «Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň durnukly ösüş boýunça ministrler derejesindäki birinji forumy» barada giňişleýin gürrüň etdiler.

Gepleşigiň ahyrynda oňa gatnaşanlar dünýäde ýurdumyzyň beýik ösüşleri nazarlaýan dost-doganlyk gatnaşyklaryny berkitmek hem-de täze taryhy döwürde ykdysadyýetimizi ösdürmek ugrunda beýik işleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli beýik işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

Mähriban ŞYHMYRADOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar

09 Iýul 2025 | 1 okalan

GYZYKLY GEÇEN BÄSLEŞIK

08 Iýul 2025 | 8 okalan

SPORT ÇÄRESI GEÇIRILDI

08 Iýul 2025 | 7 okalan

WATANYŇ GUWANJY — BAGTLY ÇAGALAR