Türkmen halkynyň beýik akyldar oglunyň watansöýüjiligi, halallygy, belent ahlak sypatlaryny, birek-biregi hormatlamak, sarpalamak, hemaýat-goldaw bermek ýaly ynsanperwer ýörelgeleri, hoşniýetli gatnaşyklary, dost-doganlygy wagyz-ündew edýän gymmatly pikirlerini ýaşlaryň durmuş ýörelgelerine öwrülmekligini gazanmak maksady bilen, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy yzygiderli işleri alyp barýar.
Şeýle işleriň hatarynda 2025-nji ýylyň maý aýynyň 10-yna Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynda geçiriljek Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül çemenlerini goýmak çäresiniň, ýurdumyzyň döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlarynyň arasynda yglan edilen «Berkarar döwletiň ylham joşguny» atly döredijilik bäsleşigini, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda gadymy hatdatlyk sungatyna ýaşlaryň ünsüni çekmek maksady bilen yglan edilen «Owadan ýazuw» atly bäsleşigini bellemek bolar.
2025-nji ýylyň 9-njy maýynda paýtagtymyzdan ugran Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň dürli ulgamlarda zähmet çekýän agzalary, ylym we bilim işgärleri, halypa ýazyjy-şahyrlar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabyna geldi.
Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynda “Magtymguly Pyragy” muzeýine gezelenç çäresi, şeýle hem, medeni-köpçülikleýin çäreleri, şol sanda şygryýet agşamy, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy tarapyndan yglan edilen bäsleşikleriň ýeňijilerini sylaglamak dabarasynyň gurnalmagy we paýtagtymyzdan gelen wekiliýetiň bu çärelere gatnaşmaklary meýilleşdirilýär.