Balkan welaýatynda myhmançylykda bolýan wekiliýet şu gün ir säher bilen ýurdumyzyň döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlarynyň arasynda yglan edilen «Berkarar döwletiň ylham joşguny» atly şygryýet bäsleşiginiň hem-de «Owadan ýazuw» atly bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasyna gatnaşmak üçin Gyzylarbat etrabyndaky “Çynar” myhmanhanasyndan Magtymguly etrabynda ýerleşýän “Magtymguly Pyragy” muzeýine tarap ugrady.
Balkan welaýat häkimliginiň, welaýat Medeniýet müdirliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde guramagynda geçirilen medeni köpçülikleýin çäreler “Magtymguly Pyragy” muzeýiniň öňünde ýörite taýýarlanan meýdançada işjeň häsiýete eýe boldy. Dabarada Balkan welaýatynyň medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlaryna hem-de «Akyldary sarpalap, galkyndyryp çar ýany, toý baýrama beslenýär Pyragynyň mekany» atly edebi-sazly kompozisiýa giň orun berildi. Soňra çärä gatnaşyjylar akyldar şahyryň muzeýiň öňündäki heýkeline gül çemenlerini goýup, söz ussadynyň ruhuna tagzym etdiler.