BILIM OJAGYNA SARPA

Mekdep – ynsan durmuşynyň süýji ýatlamalaryny özünde jemleýän bilim ojagy. Mekdepden ylym-bilim bilen bir hatarda, edep-terbiýe hem öwrenilýär. Mugallymlar bolsa mekdebiň esasy sütüni.

Ýakynda Magtymguly etrabynyň Döwletmyrat Öwlüýägulyýew adyndaky 13-nji orta mekdebiniň açylmagynyň 50 ýyllyk ýubileý toýy uly şatlyk-şowhuna beslenip geçirildi. Bu sene etrabyň ýaşaýjylarynyň buýsançly başyny belende göterdi. Çünki bu mekdep ençeme ynsany durmuş ýoluna atarandyr. Mekdebiň şol gün baýramçylyk lybasyna beslenip, mundan baryp näçe mundan öňki uçurymlary gujagyna gaplamagy diýseň tolgundyryjy ýagdaý boldy.

Mekdep okuwçylarynyň we mugallymlaryň taýýarlan çykyşlarynda mekdebe, ylym-bilime bolan hormaty, beýik sarpany aýdyň görmek bolýar. Mekdebiň şanly 50 ýyllyk toýy mynasybetli bu ýerde bilim alýan okuwçy oglanlaryň arasynda sportuň futbol we woleýbol görnüşleri boýunça bäsleşikler guraldy. Ýeri gelende bellesek, bu mekdebiň mugallymlary Şöhrat Myradow, Ogulşat Saparowa, Näzik Bökäýewa, Äşe Orazgulyýewa dagylar Ilkinji Ýaşlar guramasynyň işjeň agzalarydyr.

Şatlykly çäräniň dowamynda Berkarar döwletiň Täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan eserdeň ýaşlaryň kemala gelmegi ugrunda alnyp barylýan maksatnamalaýyn işler dogrusynda täsirli gürrüňleri etdiler.

Bägül BOÝALYÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň

Magtymguly etrap Geňeşiniň başlygynyň

w.w.ýe.ýe.

Meňzeş habarlar