Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşiniň welaýat häkimligi, welaýat Baş bilim müdirligi, welaýat medeniýet müdirligi hem-de beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde guramagynda welaýat kitaphanasynda hem-de welaýat Baş baýdak meýdançasynda Aşgabat şäheriniň güni, şeýle hem “Soňky jaň” dabarasy mynasybetli aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi.
Balkan welaýatynyň Baş baýdak meýdançasynda Aşgabat şäheriniň güni, şeýle-de “Soňky jaň” dabarasy mynasybetli welaýatymyzyň orta mekdebini tamamlaýan okuwçylaryň gatnaşmagynda gül goýmak dabarasy geçirildi. Çäräniň dowamy Balkan welaýat kitaphanasynda dowam etdi. Çärede çykyş edenler Aşgabat şäheriniň güni, şeýle-de “Soňky jaň” dabarasy mynasybetli tüýs ýürekden gutladylar we mähriban uçurymlaryň ýürek buýsançlaryny diňlediler. Çäräniň dowamy medeniýet we sungat ussatlaryň çykyşlary bilen utgaşyp gitdi.
Çäräniň ahyrynda mekdebi tapawutlanyp tamamlan okuwçylar şeýle-de göreldeli zähmet çeken mugallymlar Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary hem-de Hormat hatlary bilen sylaglandy.
Sähragül IŞANOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.