Ýakynda Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap häkimliginiň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap Geňeşiniň bilelikde guramagynda häkimligiň mejlisler zalynda Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli “Aşgabat dostlugyň we döredijiligiň paýtagty” atly maslahaty geçirildi.
Maslahata gatnaşan myhmanlar Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň döwlet muzeýi tarapyndan guralan sergini synladylar. Soňra maslahata gatnaşyjylar Maýa Kulyýewa adyndaky türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň talyplarynyň ýerine ýetiren çykyşlaryna tomaşa etdiler.
Çärede çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasaty, gün-günden gözelleşýän paýtagtymyzyň döwrebap keşbi, ösüşleri barada giňişleýin gürrüň etdiler.
Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar bagtyýar durmuşy peşgeş beren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.
Nurmuhammet DÖWLETOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň
Köpetdag etrap Geňeşiniň başlygy.