Golaýda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň hem-de “Ýaşlyk” teleýaýlymynyň bilelikde guramagynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda uly dabara bilen bellenip geçilen Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň hem-de Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli “Parahatçylyk: ýaşlaryň sesi” atly gepleşigiň nobatdaky sany ýazgy edildi.
Gepleşigiň dowamynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Daşky gurşawy goramak, tebigatdan peýdalanmak we agrosenagat toplumy baradaky komitetiniň agzasy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Orazgeldi Saparow, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy Röwşen Gapbargulyýew hem-de Türkmenistanyň Döwlet gulluk akademiýasynyň diňleýjisi Şemşat Saparlyýewa dagylar çykyş etdiler.
Olar öz çykyşlarynda ýurdumyzda ýetilýän belent sepgitleriň özenini esasy Kanunymyza laýyklykda durmuşa ornaşdyrylýan maksatnamalaýyn we meýilnamalaýyn işleriň düzýändigi, her ýylyň 18-nji maýynda agzybirlik bilen toýlanýan bu gymmatlyklarymyzyň goşa baýramy ýaşlaryň çuňňur watansöýüjilik duýgularyny kämilligiň çäksiz belentliklerine göterýändigi, halkymyzyň abadan, bagtyýar ýaşaýşy ugrundaky döredijilikli zähmete mynasyp goşant goşmaga ruhlandyrýandygy barada aýratyn nygtadylar.
Gepleşigiň ahyrynda oňa gatnaşanlar halkymyzyň abadan, bolelin durmuşda ýaşamagy ugrunda beýik işleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli beýik işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.
Ogulbäbek BAÝMYRADOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň müdiri.