AÝDYM-SAZLY BAÝRAMÇYLYK DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

Ýakynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň Merkezi binasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi we Aşgabat şäher Geňeşleriniň, Aşgabat şäher häkimliginiň bilelikde guramagynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň daşary ýurtlara amala aşyran iş saparlary mynasybetli aýdym-sazly baýramçylyk duşuşygy geçirildi.

Dabaraly duşuşyga paýtagtymyzyň orta we ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan mekdep okuwçylary hem-de talyp ýaşlary, edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaş hünärmenler gatnaşdylar.

Onda çykyş edenler ýakynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna amala aşyran sapary ýatdan çykmajak pursatlara baý bolandygy özara bähbitli uzakmöhletli hyzmatdaşlyk dogrusynda giňişleýin gürrüň edildi.

Sergide halkymyzyň täsin medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýan milli sungatyň däp bolan görnüşleriniň önümleri hem görkezilip, olaryň hatarynda zehinli türkmen halyçylarynyň we zergärleriniň döreden türkmen halylarynyň we ajaýyp şaý-sepleriniň sergilenmegi, Kazanyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen ýaşlaryna hem-de olaryň talyp ýoldaşlaryna sahawatly türkmen topragynda ösdürilip ýetişdirilýän gök we miwe önümleriniň köp görnüşleriniň hödür edilmegi oňa gatnaşyjylarda ýakymly täsir galdyrandygy barada beýan etdiler.

Baýramçylyk duşuşygynyň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýurdumyzy ösüşleriň aýdyň ýoly bilen öňe alyp barýan, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Ogulbäbek BAÝMYRADOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher

Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar