DÖREDIJILIK BÄSLEŞIGI GEÇIRILDI

Ýakynda “Türkmendemirýollary” agentliginiň Magtymguly adyndaky ilkinji Ýaşlar guramasynyň hem-de “Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň Magtymguly adyndaky ilkinji Ýaşlar guramasynyň bilelikde guramagynda Aşgabat şäherindäki demir ýol ulaglary orta hünär okuw mekdebiniň talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda “Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny” amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny durmuşa geçirmek, ýaşlary daşary ýurt dillerini öwrenmäge höweslendirmek maksady bilen, “Döredijilik bilen başla başarnygyň bilen üstünlik gazan” atly döredijilik bäsleşigi geçirildi.

Bäsleşik çekeleşikli geçip, ýeňijilere guramaçylar tarapyndan ýadygärlik sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Döredijilik bäsleşiginiň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, ylym öwrenmegi, saýlap alan hünärleriniň mynasyp eýeleri bolmagy ugrunda giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Leýli TAGANOWA,

“Türkmendemirýollary” agentliginiň Magtymguly

adyndaky IÝG-niň sanly ulgam boýunça hünärmeni.

Meňzeş habarlar