AK ŞÄHERIM — AK BAGTYM

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap Geňeşiniň etrap häkimligi we M.Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasy bilen bilelikde guramagynda “Aşgabat” seýilgähinde “Ak şäherim — ak bagtym” ady bilen dürli pudaklarda zähmet çekýän ýaşlaryň gatnaşmagynda aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi.

Aşgabat şäheriniň gününe bagyşlanyp geçirilen aýdym-sazly baýramçylyk dabarasynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ösüşleriň ýoly bilen öňe barýan Garaşsyz Diýarymyzy, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüni, ak mermerli paýtagtymyzyň gözelligini wasp edip ýerine ýetirilen joşgunly aýdymlar hem ajaýyp tanslar tomaşaçylara ruhy lezzet paýlady.

Baýramçylyk dabarasynyň ahyrynda oňa gatnaşanlar bagtyýar döwürde türkmen halkynyň abadan durmuşyny üpjün etmek ugrunda netijeli işleri alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarmyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli tutýan tutumly işleriniň mundan beýläk hem rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.

Ismail ÝAKUBOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň

Berkararlyk etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar