DESSANA MYNASYP GÖZEL HALYLAR

Golaýda Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň medeniýet öýünde, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Saýat etrap Geňeşiniň, etrap häkimliginiň, medeniýet bölüminiň, etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde gurnamagynda, “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda, özüniň gözelligi, nepisligi bilen dünýäni haýrana goýýan türkmen halysynyň baýramyny dabaraly belläp geçmek maksady bilen “Dessana mynasyp gözel halylar” ady bilen aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy şatlyk-şowhun bilen geçirildi.

Baýramçylyk dabarasyna etrabyň edara-kärhanalarynda, bilim ulgamynda zähmet çekýän ýaşlar işjeň gatnaşdylar.

Dabarada etrabymyzyň medeniýet-sungat ussatlary, aýdymçy-sazandalary folklor toparlary, çagalar sungat mekdepleriniň okuwçylary gözelligiň nusgasy hasaplanýan türkmen halylarymyzy güneşli Diýarymyzy wasp edýän aýdym-sazlary, joşgunly tanslary bilen dabaranyň şowhunyny has-da belende galdyrdylar.

Şemşat HOŞYÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň

Saýat etrap Geňeşiniň uly buhgalteri.

Meňzeş habarlar

16 Iýul 2025 | 52 okalan

BITARAPLYK WATAN ASUDALYGYŇ BERKARARLYGY

14 Iýul 2025 | 1017 okalan

BITARAPLYK BAGTYMYZYŇ GÖZBAŞY

14 Iýul 2025 | 1008 okalan

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI