«ŞAPAK» SEÝILGÄHI

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ilatyň şu günki we geljekki durmuşynyň sagdynlygynyň hatyrasyna tebigatyň üýtgewsizligini gazanmak üçin onuň serişdeleriniň rejeli peýdalanylmagy ugrundaky ekologiýa çäreleri döwrüň talabyna laýyk ýola goýulýar. Şäher gurşawynyň ekologiýa derejesine, binalaryň bezeg aýratynlyklaryna we seýilgäh zolaklarynyň döredilmegine möhüm ähmiýet berilýär.

Şunuň bilen baglylykda, golaýda Çoganly ýaşaýyş toplumynda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň, etrap häkimliginiň, bilim müdirliginiň wekilleriniň gatnaşmagynda «Şapak» seýilgähiniň açylyş dabarasy boldy.

Dabaraly çärede bagtyýar ýaşlaryň, kümüş saçly eneleriň joşgunly çykyşlary diňlenildi. Dabara gatnaşanlar çäräniň ahyrynda halkymyzyň bagtyýar, abadan durmuşda ýaşamagy ugrunda ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, ak mermerli binalary gurmakda, şäher-obalarymyzy bagy-bossanlyga öwürmekde alyp barýan il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.

Rüstem MÄMMEDOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň

Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

20 Iýun 2025 | 0 okalan

GEZELENÇ ÇÄRESI GEÇIRILDI

20 Iýun 2025 | 0 okalan

SPORT ÇÄRESI GEÇIRILDI