“KITAPHANA PAÝHASLAR ÖÝI” ATLY BÄSLEŞIGINIŇ JEMI JEMLENDI

Ýakynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşi hem-de Döwlet kitaphanasy bilen bilelikde guramagynda ýaşlary kitaphanalara işjeň çekmek, olaryň kitaba bolan söýgüsini has-da güýçlendirmek, bilim derejesini artdyrmak hem-de ruhy taýdan kämilleşdirmek maksady bilen her ýylda yglan edilýän paýtagtymyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň hem-de orta mekdepleriniň okuwçylarynyň Döwlet kitaphana ýygy-ýygydan gelip, köp kitap okaýan okyjylaryň arasynda yglan edilýän “Kitaphana paýhaslar öýi” atly bäsleşiginiň jemi jemlendi.

Bu bäsleşikde ýeňiji bolan ýaşlarymyza Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň adyndan ýadygärlik sowagatlary we hormat hatlary gowşuryldy. “Kitaphana paýhaslar öýi” atly bäsleşigiň dowamynda “Kitap ylym çeşmesi’ atly kitap sergisi gurnaldy. Bu kitap sergisinde Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan dörän ajaýyp kitaplary serginiň aýratyn bezegi boldy. Bu sergi bäsleşige gatnaşan myhmanlarda we okyjylarda örän uly täsir galdyrdy.

Dabaranyň ahyrynda bäsleşikde ýeňiji bolan ýaşlar türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

Gülälek BAÝRAMALYÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň

Medeniýet we köpçülikleýin habar beriş

bölüminiň baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar

20 Iýun 2025 | 0 okalan

GEZELENÇ ÇÄRESI GEÇIRILDI

20 Iýun 2025 | 0 okalan

SPORT ÇÄRESI GEÇIRILDI