WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň hem-de Aşgabat şäheriniň bilim müdirligi bilelikde guramagynda Aşgabat şäheriniň 131-nji orta mekdebiň mejlisler zalynda wagyz-nesihat  duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmäge, Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmak esasynda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen maksatnamalaýyn işleriň amala aşyrylýandygy, türkmen ýaşlarynyň dünýä ýaşlary bilen ylym-bilim, maglumat-kommunikasiýa, medeni-ynsanperwer, sport we syýahatçylyk ulgamlarynda ýola goýan netijeli hyzmatdaşlygy dogrusynda gürrüň etdiler.

Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar biz ýaşlara döredip berýän mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.

Ogulsapar BABYLOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň

Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň Guramaçylyk

bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

20 Iýun 2025 | 0 okalan

GEZELENÇ ÇÄRESI GEÇIRILDI

20 Iýun 2025 | 0 okalan

SPORT ÇÄRESI GEÇIRILDI