ÇAGALARYMYZYŇ BAGTYÝARLYGY — WATANYMYZYŇ KUWWATY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda çagalar baradaky giň gerimli aladalar, kämil şahsyýetleriň kemala gelmegi ugrundaky tagallalar jemgyýetiň jebisligini, agzybirligini, berkararlygyny pugtalandyryp, döwrümiziň belent joşguny bilen sazlaşygy emele getirýär.

Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesilleriň beden taýdan sagdyn, ruhy taýdan kämil ýaşlar bolup ýetişmegi ugrunda ýurdumyzda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Munuň aýdyň mysaly hökmünde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyny mysal getirmek bolar. Haýyr-sahawat gaznasynyň işiniň baş maksady çagalara ýardam bermek, olaryň hukuklaryny, bähbitlerini goramak boýunça maksatnamalary we taslamalary durmuşa geçirmäge, olaryň saglygyny üpjün etmäge gönükdirilendir.

1-nji iýunda dünýäniň beýleki döwletlerinde bolşy ýaly, Türkmenistanda hem Çagalary goramagyň halkara güni giňden bellenilýär. Bu halkara baýramyň şanyna geçirilýän aýdym-sazly dabaralar, medeni-jemgyýetçilik çäreler türkmen halkymyzyň durmuşyna bagt nuryny çaýýan şadyýan körpelerimiziň kalbynda Garaşsyz Diýarymyzda gazanylýan üstünliklere çäksiz buýsanç döredýär.

Geljegimiz bolan çagalar barada irginsiz alada edýän, türkmen halkynyň bagtyýar, eşretli durmuşda ýaşamagy ugrunda netijeli işleri alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, başlarynyň dik, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleriniň mundan beýläk hem rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýüregimizden arzuw edýäris!

Mährijemal ATAÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň

Büzmeýin etrap Geňeşiniň Guramaçylyk

bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

20 Iýun 2025 | 0 okalan

GEZELENÇ ÇÄRESI GEÇIRILDI

20 Iýun 2025 | 0 okalan

SPORT ÇÄRESI GEÇIRILDI