AHLAKLYLYK ÝÖRELGESI – NESILLERE GÖRELDE

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda halkymyzyň müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan asylly ýörelgelerine eýerip mynasyp ýaş nesilleri kemala getirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Gyzylarbat etrap Geňeşiniň gurnamagynda jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de ýaşulularyň gatnaşmagynda etrabyň ýöriteleşdirilen 29-njy orta mekdebinde okuwçylaryň arasynda terbiýeçilik äheňli wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Bu duşuşykda, asuda ýurdumyzyň mundan beýläk hem hemmetaraplaýyn ösmegi üçin Watan söýgüsi gursagynda bolan, edepli, gaýratly, asylly hem-de başarjaň türkmen ýaşlarynyň zerurlygy barada aýdyldy.

Eziz Watanymyzyň at-abraýyny, belent mertebesini arşa göterýän, medeni mirasymyzy dünýä ýaýmakda irginsiz zähmet çekýän türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaç bolsun!

Şöhrat MÄMMETHANOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Gyzylarbat etrap

Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar