Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrap Geňeşiniň guramagynda Gyzylarbat etrabynyň Janahyr medeniýet öýünde halkara derejesinde alnyp barylýan giň gerimli işleri halkymyza ýetirmek maksady bilen, edara-kärhanalarda zähmet çekýän işgärleriň arasynda «Parahatçylygyň, asudalygyň, jebisligiň aýdyň ýoly bilen» atly maslahat duşuşygy geçirildi.
Bu duşuşykda berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň howpsuzlygy, bagtyýarlygy ugrunda alnyp barýan döwlet syýasaty barada gürrüň etdiler.
Dabaranyň ahyrynda berkarar Watanymyzyň täze taryhy döwründe milli ýol-ýörelgeleriň dabaralanmagy, ýurdumyzyň gülläp ösmegi, kämil bilimli, watansöýüji nesliň kemala gelmegi ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.
Gülsona AŞYROWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň
Gyzylarbat etrap Geňeşiniň baş hünärmeni.