HOŞ GELDIŇIZ AWAZA!

Berkarar Watanymyzyň ajaýyp künjegi bolan “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda gurlup ulanylmaga berlen desgalar, kaşaň myhmanhanalar, sagaldyş merkezleri, kottejler toplumlary, seýilgähler, suw çüwdürimleri diňe ildeşlerimizde däl, eýsem bütin dünýäde hem uly gyzyklanma döredýär. Gojaman Hazaryň ekologiýa taýdan arassa türkmen kenary, hakykatdan-da, jenneti mekany ýada salýar. Bu ýerde döredilen gözellikler deňiz kenarynyň ajaýyplygy bilen özboluşly sazlaşygy emele getirýär.

Mundan başga-da Hazar deňziniň menzillere uzap ýatan balykgulakly kenary ak mozaika eserini ýada salyp, onuň üstünde gezelenç etmek ynsanda ýakymly duýgulary döredýär, saglygy berkidýär.

Ýurdumyzda ynsan saglygyny ähli zatdan ileri tutýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde, şu ýylyň tomsunda bu jenneti mekan ýene-de öz myhmanlaryny kabul edýär. Tomusky dynç alyş möwsüminde “Daýanç” we “Arzuw” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleriniň tomusky dynç alyş möwsüminiň açylyş dabarasynda şäher medeniýet bölüminiň çeper höwesjeňleri dynç almana gelen çagalar üçin taýýarlan çykyşlaryny ýerine ýetirip, şatlyk-şowhun duýgusyny paýladylar.

Ata Watanymyzda ýaşlaryň mynasyp ylym-bilim almagy, döredijilik we bedenterbiýe bilen meşgullanmagy, yzygiderli kämilleşmegi üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli alyp barýan işleriniň mundan beýläk hem rowana ýollarda rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.

Maýagül GARAJAÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Türkmenbaşy şäher

Geňeşiniň sanly ulgam boýunça

esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

18 Iýun 2025 | 1304 okalan

AWAZA — DOSTLUK MEKANY

18 Iýun 2025 | 888 okalan

HOŞ GAL, ÇAGALAR BAGYM!

18 Iýun 2025 | 1252 okalan

ÝAŞ TÜRGENLER BÄSLEŞDILER