BAGTYÝARLYK BAÝRAMY

Golaýda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, ir säher bilen Mary şäheriniň Kemine, Gowşut han, Mollanepes köçeleriniň ugry bilen welosipedli ýöriş guralyp, oňa gatnaşan işdeşlerimiz bu ýerlerde ýaýbaňlandyrlan aýdym-sazly baýramçylyk we görkezme sport çykyşlaryna, ajaýyp tanslara ýolboýy syn etdiler. Talyp ýaşlaryň we ýaş türgenleriň hem welosipedli ýörişe işjeň gatnaşmagy has-da buýsandyryjy boldy.

Baýramçylyk mynasybetli guralan täsirli çykyşlar Mary welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň öňündäki meýdançada hem ýaýbaňlandyryldy. Bu baýramçylyk çäresinde Mary Nebitgaz orta hünär okuw mekdebiniň bagtyýar talyplarynyň we ýaş sport ussatlarynyň ýerine ýetiren çykyşlary hemmelere ruhy lezzet paýlady.

Şatlyk-şowhuna beslenen welosipedli ýörişiň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýurdumyzda sportuň we bedenterbiýäniň kämilleşmegi ugrunda şert-mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Akjeren ANNADURDYÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň

Mary şäher Geňeşiniň sanly ulgam

boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

04 Iýun 2025 | 1 okalan

BAGTYÝARLYK BAÝRAMY

03 Iýun 2025 | 25 okalan

SPORT — KÄMILLIGE BADALGA