Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap Geňeşiniň hem-de “Türkmenistan” teleýaýlymynyň bilelikde guramagynda Gurban baýramy mynasybetli baýramçylyk çäresi geçirildi.
Bu çärä kümüş saçly enelerimiz, körpeje çagalar hem-de TMÝG-niň wekilleri gatnaşyp, olar ruhy bitewüligi, jebisligi we asylly maksatlary özünde jemleýän mukaddes Gurban baýramynyň ýurdumyzda giňden bellenilýändigi, ähli şäherlerdir obalarda aýdym-sazly, medeni-jemgyýetçilik dabaralaryň, haýyr-sogaply çäreleriň ýaýbaňlandyrylýandygyny belläp geçdiler.
Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar türkmen halkynyň asyrlardan gözbaş alýan ruhy-ahlak gymmatlyklaryny aýawly saklamak, milli däp-dessurlarymyzy yzygiderli ösdürmek boýunça giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.
Aýsenem DURDYÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar GuramasynyňAşgabat şäheriniň
Büzmeýin etrap Geňeşiniň Guramaçylyk
bölüminiň sanly ulgam boýunça
esasy hünärmeni.