Ýakynda hormatly Prezidentimiziň ak patasyna eýerilip ýetişdirilen galla hasylyny guramaçylykly ýygnamak maksady bilen welaýatymyzyň galla oragynyň başlamagyna ak pata berildi. Oňa welaýat we etrap häkimlikleriniň ýolbaşçylary we işgärleri, il sylagly ýaşulular, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, tejribeli agronomlar, mehanizatorlar, kärendeçiler gatnaşdylar.
Elleri orakly ýaşulular «Ýylymyz bereketli, saçaklarymyz nanly bolsun! Harmanyňyza bereket, çäjiňize bereket!» diýip, ýetişdirilen hasyldan orup, galla oragyny başlap berdiler. Soňra kombaýnlaryň sazlaşykly hereketi bilen atyzlaram bugdaýdan saýlanyp başlandy. Olaryň üznüksiz işlemegi üçin abatlaýyş-mehaniki ulgamyň işi ýaýbaňlandyryldy we awtoulaglar ätiýaçlyk şaýlary, ýangyç-çalgy ýag serişdeleri bilen ýeterlik möçberde üpjün edildi.
Dabara gatnaşanlaryň her biri türkmen halkynyň döwletli döwranda, bolçulykda ýaşamagy ugrunda bimöçber aladalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.
Maksat JANMYRADOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar
guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň başlygy,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.