KITAP BILEN AÇALYŇ BIZ DÜNÝÄNI

Ýakynda TMÝG-niň Mary welaýatynyň Garagum etrap Geňeşiniň guramagynda ýaşlarda kitap okamaga bolan söýgini, milli mirasa sarpany terbiýelemek, olary kitaphana çekmek maksady bilen, etrabyň 5-nji çagalar bagynyň körpeleriniň gatnaşmagynda «Kitap bilen açalyň biz dünýäni» ady bilen döredijilik duşuşygy we göçme sergi geçirildi.

Gyzykly geçen çäräniň dowamynda körpeler merkezi kitaphananyň kitaphanaçysy Aýna Akmämmedowanyň gurnan göçme sergisinde kitaphananyň bölümlerindäki kitaplaryň many-mazmuny bilen tanyş boldular.

Şeýle hem, TMÝG-niň etrap Geňeşiniň işgäri Gülnar Gurbanmyradowanyň labyzly okap bermeginde kitaphananyň ertekiler bölümindäki türkmen halk ertekili kitaplar körpelerde has-da uly täsir galdyrdy.

Ogulbagt AMANMYRADOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň

Garagum etrap Geňeşiniň uly buhgalteri.

Meňzeş habarlar

12 Iýun 2025 | 119 okalan

KITAP BILEN AÇALYŇ BIZ DÜNÝÄNI

11 Iýun 2025 | 129 okalan

SPORT — SAGDYNLYGYŇ GÖZBAŞY

10 Iýun 2025 | 257 okalan

GALLA ORAGYNA AK PATA BERILDI