ÝAŞ TÜRGENLER BÄSLEŞDILER

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Esenguly etrap Geňeşiniň, etrap bilim bölüminiň, etrap bedenterbiýe we sport bölüminiň bilelikde guramagynda sport mekdebine gatnaýan ýaş türgenleriň gatnaşmagynda sportuň dürli görnüşleri boýunça bäsleşik geçirildi.

Gyzykly geçen ýaryş sportuň futbol görnüşi boýunça dowam edip, ýaş türgenler sporta bolan höweslerini, ukyp-başarnyklaryny açyp görkezdiler. Çekeleşikli geçen ýaryşda ýeňiji bolan türgenleri sport mekdebiniň adyndan Hormat hatlary we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Esenguly etrap Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary bilen sylagladylar.

Sport çäresiniň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýurdumyzda sport ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek, kämilleşdirmek hem-de onuň kuwwatyny artdyrmak, ýaşlary sporta çekmek ugrunda giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Akgül HYDYROWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň

Esenguly etrap Geňeşiniň uly buhgalteri.

Meňzeş habarlar

18 Iýun 2025 | 115 okalan

AWAZA — DOSTLUK MEKANY

18 Iýun 2025 | 46 okalan

HOŞ GAL, ÇAGALAR BAGYM!

18 Iýun 2025 | 34 okalan

ÝAŞ TÜRGENLER BÄSLEŞDILER