AWAZA — DOSTLUK MEKANY

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher Geňeşiniň guramagynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky «Balkan» sagaldyş we dynç alyş merkezinde tomusky dynç alyş möwsüminde çagalaryň wagtlaryny gyzykly we şadyýan geçirmeklerini gazanmak maksady bilen dynç alýan çagalaryň gatnaşmagynda «Awaza — dostluk mekany» atly batbörek uçurmak we tanap çekmek boýunça bäsleşik geçirildi. Şadyýan we şowhunly geçirilen çäre gyzykly pursatlara baý bolup, bäsleşikde ýeňiji bolanlara we oňa gatnaşanlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Sport çäresiniň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaş nesilleriň hemmetaraplaýyn ösen, ylym-bilimli, giň dünýägaraýyşly, kämil şahsyýetleri kemala getirmekde giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli alyp barýan işleriniň mundan beýläk hem rowana ýollarda rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.

Güljemal BAÝLYÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň

Türkmenbaşy şäher Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

18 Iýun 2025 | 115 okalan

AWAZA — DOSTLUK MEKANY

18 Iýun 2025 | 46 okalan

HOŞ GAL, ÇAGALAR BAGYM!

18 Iýun 2025 | 34 okalan

ÝAŞ TÜRGENLER BÄSLEŞDILER