TÜRKMENISTAN — BAGTYÝAR ÇAGALYGYŇ ÝURDY

Häzirki tomus möwsüminiň ajaýyp günlerinde, Diýarymyzyň ähli künjeklerinde hereket edýän çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde, ýaş nesliň göwnejaý dynç almagy, saglygyny berkitmegi, wagtyny gyzykly we şowhunly geçirmegi üçin medeni köpçülikleýin çäreler, döredijilik hem-de sport bäsleşikleri yzygiderli geçirilýär.

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Gyzylarbat etrap Geňeşiniň, Türkmenistanyň Ylym we bilim işgärleriniň, ilkinji Ýaşlar guramalarynyň işjeň agzalarynyň, etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda, Gyzylarbat etrabyndaky «Dürdäne» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan körpeleriň gatnaşmagynda «Türkmenistan — bagtyýar çagalygyň ýurdy» ady bilen çäre geçirildi.

Körpeleriň zehin başarnygyny ýüze çykarmaklyk we açyp görkezmek, olary sungatyň, döredijiligiň we sportuň degişli ugurlaryna gönükdirmek maksady bilen geçirilýän dürli çäreleriň, döredijilik we sport bäsleşikleriniň netijesinde, körpeler dynç alyş möwsümini peýdaly we gyzgalaňly geçirýärler.

Bäsleşigiň ahyrynda oňa gatnaşanlar ylym-bilimli, beden we ruhy taýdan sagdyn, giň dünýägaraýyşly kämil şahsyýetleriň kemala getirmekde giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Gülruh NAZAROWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň

Gyzylarbat etrap Geňeşiniň Guramaçylyk

bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar