Golaýda, Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň Çeper halyçylyk kärhanasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Halaç etrap Geňeşiniň guramagynda etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de çeper elli halyçy zenanlarymyzyň gatnaşmagynda «Türkmenistan - ÝUNESKO: taryhy-medeni gymmatlyklaryň goraglylygy ugrunda» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Duşuşykda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Halaç etrap Geňeşiniň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni Şirin Öwlýagulyýewa, Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Halaç etrap birleşmesiniň hünärmeni Ýusup Çerkezdurdyýew, Halaç Çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçysy Mähri Berdiýewa dagylar çykyş etdiler. Olar özleriniň çykyşlarynda türkmen milli taryhynyň sakasy, gözli çeşmesi, gözelligiň we rahatlygyň nyşany hasaplanýan türkmen halylary medeni-mirasymyzyň iň ajaýyp sungat eserleriniň barha kämilleşýändigi dogrusynda täsirli gürrüňler etdiler.
Duşuşygyň ahyrynda çykyş edenler ýurdumyzyň halkara abraýyny, bagtyýar halkymyzyň mertebesini bütin dünýäde has-da belentliklere çykarmakda uly işleri bitirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.
Gandym WELLEKOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň
Halaç etrap Geňeşiniň baş hünärmeni.