Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäher Geňeşi, Daşoguz welaýat teleradiostudiýasy bilen bilelikde «Çeper» tikin fabriginde gepleşik ýazgy etdiler. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe ýurdymyzyň ykdysadyýeti täze ösüşlere eýe boldy. Häzirki wagtda Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen dünýä bazarlarynyň islegine görä bäsleşige ukyply dokma önümlerini öndürmäge giň mümkinçilik döredildi. Daşoguz welaýatynyň Daşoguz «Çeper» tikin fabriginde hem jana ýakymly rahat, ýokary hilli önümleri öndürmek ýola goýlan.
Şu nukdaýnazardan halkyň islegini kanagatlandyrmak we dükanlarymyzy elýeterli önümler bilen doldurmak kärhananyň öňünde uly borç bolup durýar. Daşoguz «Çeper» tikin fabriginiň «Alty asyr» dokma önümler dükany şäherimizde şeýle-de ähli etraplarda hereket edýär. Dükanda Fabrikde öndürilen ähli harytlaryň dürli görnüşleri ýerleşdirilen. Türkmenistanyň dokma senagaty ministrligine degişli kärhanalaryň önümleri hem elýeterli bahadan halkymyza ýetirilýär. Bölek satuw üçin bolsa täze biçüwdäki, bäsleşige ukyply uly ýaşlylar we çagalar üçin dürli görnüşdäki egin-eşikler tikipil, olaryň bezeg aýratynlyklaryna hem-de milliligimize laýyk gelmegine uly üns berilýär. Gelin-gyzlara niýetlenen lybaslarda milli nagyşlarymyzyň bolmagy olaryň özüne çekijiligini has-da artdyrýar. Şu pursatda bizi parahat durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsun aýdýarys.
Ýazjemal BAZAROWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň
Daşoguz şäher Geňeşiniň guramaçylyk
bölüminiň esasy hünärmeni.