Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň badalga beren Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir güni uly zähmet ýeňişlerine, toý-dabaralaryna beslenýär. Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli ynsanperwer syýasaty halkymyzy bagtyýarlyga, ýurdumyzy täze belentliklere alyp barýar. Döwletli, döwranly, bagtyýar döwürde ýaşlar barada edilýän işleriň gerimi has giňeýär. Ýaş nesiller Hormatly Prezidentimiziň aýratyn mähiri, aladasy bilen okaýar, bilim alýar we wagtlaryny has-da täsirli geçirýärler.Ýaş nesillerimize milli gymmatlyklarymyzy öwretmek we olara wagyz etmekde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ruhubelent etrap Geňeşi çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümleriniň has-da täsirli we gyzykly geçirmeklerini gazanmak hem-de milli oýunlarymyzyň ähmiýetini düşündirmek, taryhy ýadygärliklerimize syýahat etmek maksady bilen Diýarbekir galasyna «Taryhy baý eziz ülkäm» atly gezelenç çäresini gurnady. Gezelenç çäresinde çagalar aşyk oýunyny we aýterek-günterek oýunyny oýnadylar we gala gezelenç edip öz wagtlaryny şadyýan geçirdiler. Ýaş nesiller ajaýyp mümkinçilikler üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
Gylyç GYLYJOW,
Ruhubelent etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň
bagşy hünäriniň mugallymy, TMÝG-niň Ruhubelent
etrap Geňeşiniň işjeň agzasy.