«ÝAŞ DILMAÇLAR WE HALYPALAR» GURNAGYNYŇ NOBATDAKY DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

Häzirki wagtda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň sahawatly saýasynda, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamy barha ösdürilýär.  Bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy berkitmek bolsa döwrüň möhüm wezipesi hökmünde orta çykýar. Şu nukdaýnazardan ýaşlaryň dünýä dillerini kämil derejede bilmegi we dünýä ýurtlarynyň ýaşlary bilen tejribe alyşmaklary üçin uly mümkinçilikler döredilýär.

Ýaşlaryň halkara ülňülerine laýyk gelýän döwrebap bilim almagyna, saýlap alan hünärleri boýunça bilimlerini artdyrmagyna, ylmy-döredijilik işlerine höweslendirilmegine, dünýägaraýyşlarynyň giňelmegine hemmetaraplaýyn goldaw bermek ýurdumyzyň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi. Şulardan görnüşi ýaly, ýaşlara halkara ülňülerine laýyk gelýän derejede bilim berilmegi, häzirki zaman innowasion tehnologiýalardan peýdalanyp, bilim ulgamynda düýpli özgertmeleriň amala aşyrylmagy netijesinde ýaşlaryň ylym-bilime höwesi barha artýar. Şunda halypalar bilen ýaşlaryň arasynda Gahryman Arkadagymyzyň ak pata bermeginde başy başlanan halypa-şägirtlik ýoly mynasyp dowam etdirilýär. Bu bolsa ýaş nesliň ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmegine, dünýä dillerini has kämil derejede öwrenmegine ýakyndan ýardam berýär. Şu nukdaýnazardan halypa-şägirtlik ýolunyň barha ilerlemegi we bu ugurda meýletinçiler toparlarynyň döredilmegi uly ähmiýete eýedir. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýanynda Maglumat, maslahat beriş we meýletinçilik hereketiniň işleri boýunça merkeziň “Ýaş dilmaçlar we halypalar” atly gurnagynyň döredilmegi bolsa meýletinçileriň halypalar bilen özara tejribe alyşmaklaryna itergi berýär.

Ýakynda ady agzalan gurnagyň guramagynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň mejlisler zalynda dilçi halypalar bilen ýaşlaryň gatnaşmagynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda ýaş nesliň dünýä dillerini öwrenmekdäki ilkinji ädimleri we onuň nazaryýet esaslary bilen bagly gürrüňler edildi. Şeýle hem, çäräniň dowamynda türkmen edebi dili we onuň baý sözlük gory, onuň daşary ýurt dilleri bilen arabaglanyşygy, dil öwrenmekde ýüze çykyp bilýän käbir kynçylyklar dogrusynda baý mazmunly çykyşlara orun berildi. Çykyşlar we ýaşlary gyzyklandyrýan temalar boýunça özara sowal-jogaplaryň alşylmagy dilmaçlaryň duşuşygynyň täsirini has-da artdyrdy.

Şeýle duşuşyklaryň yzygiderli geçirilmegi Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýaş meýletinçileriň ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmegine uly mümkinçilikleriň döredilýändigine aýdyň şaýatlyk edýär.

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaşlaryň ösen tehnologiýalaryň we ylmyň gazananlarynyň esasynda döwrebap derejede bilim almagy ugrunda uly mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

Çeper NAZARGYLYJOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky

Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň magistri,

TMÝG-niň işjeň agzasy.

Meňzeş habarlar

27 Fewral 2025 | 708 okalan

DIL BILEN DÜNÝÄNI GEZER