“ÝAŞ DILMAÇLAR WE HALYPALAR” GURNAGYNYŇ NOBATDAKY DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýanyndaky Maglumat, maslahat beriş we meýletinçilik hereketiniň işleri boýunça Merkeziniň “Ýaş dilmaçlar we halypalar” atly gurnagynyň nobatdaky duşuşygy geçirildi.

Bu gezekki duşuşyga ýaş dilmaçlar bilen bir hatarda, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşinde okuw tejribeligini geçýän talyplar gatnaşdylar.

Duşuşygyň dowamynda olar daşary ýurt dillerini öwrenmegiň usullary dogrusynda özara pikir alyşdylar. Olar daşary ýurt dillerindäki makalalary, gazetleri, žurnallary, kitaplary okamagyň şol dile has ýakynlaşdyrýandygy, diňlemegiň öwrenilýän dildäki sözleriň aýdylşyny, söz basymlaryny öwrenmäge, ýazmagyň bolsa şol diliň grammatikasyny we sözleriň dogry ýazylşynyň has gowy ýatda galmagyna ýardam edýändigi barada aýtdylar.

Her hepdäniň penşenbe güni daşary ýurt dillerini öwrenmek isleýän höwesjeň ýaşlary jemleýän “Ýaş dilmaçlar we halypalar” gurnagy gatnaşmak isleýänleriň ählisini dil bilimini ýokarlandyrmaga çagyrýar.

Türkmen ýaşlarynyň döwrebap bilim almagy, ylym öwrenmegi, daşary ýurt dillerini özleşdirmekleri hem-de kämil hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys.

Mähri ORAZMÄMMEDOWA,

“Arkadagly Ýaşlar” elektron

žurnalynyň terjimeçisi.

Meňzeş habarlar