MEN ÖZ ARZUWYMY ÇEKÝÄRIN

Golaýda çagalaryň döredijilige we sungata bolan höwesini artdyrmak maksady bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Tagtabazar etrap Geňeşiniň, etrap bilim bölüminiň, TKA-nyň etrap birleşmesiniň bilelikde guramagynda etrabyň 3-nji çagalar bakja-bagynda terbiýelenýän körpeleriň arasynda «Men öz arzuwymy çekýärin» atly surat çekmek boýunça döredijilik bäsleşigi geçirildi.

Bäsleşikde körpeler bagtyýar çagalygy, ajaýyp ýurdumyzy wasp edýän ajaýyp suratlaryň üsti bilen öz arzuwlaryny beýan edip, emin agzalarynyň adalatly baha bermeginde bäsleşigiň ýeňijileri yglan edildi. Onda Aýçynar Serdarowa 1-nji orna, Allaşükür Allamyradow 2-nji orna, Akmuhammet Nurmuhammedow 3-nji orna mynasyp boldular. Ýeňijilere Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Tagtabazar etrap Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Bäsleşigiň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýurdumyzy bagtyýar çagalygyň mekanyna öwürýän, çagalaryň döredijilik bilen meşgullanmagy üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli alyp barýan işleriniň rowana ýollarda rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.

Ogulboldy ÖWEZBERDIÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň

Tagtabazar etrap Geňeşiniň baş hünärmeni.

Öňki makala

KÖRPELER BÄSLEŞDILER

Meňzeş habarlar

30 Iýun 2025 | 0 okalan

MEN ÖZ ARZUWYMY ÇEKÝÄRIN

30 Iýun 2025 | 0 okalan

KÖRPELER BÄSLEŞDILER