PARAHATÇYLYK – ÝOLUMYZYŇ ŞUGLASY

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Şabat etrap Geňeşi, Daşoguz welaýat teleradiostudiýasy, etrap häkimligi hem-de medeniýet bölümi bilen bilelikde etrabyň Gaýrat geňeşliginiň Jemşit oba medeniýet öýünde ýurdumyzyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi hem-de baky Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygynyň giňden bellenilip geçiriljek ýyly mynasybetli «Parahatçylyk – ýolumyzyň şuglasy» ady bilen maslahat duşuşygyny geçirildi. Çärede il sylagly ýaşulylar, TMÝG-niň etrap Geňeşiniň wekilleri we işjeň agzalary çykyş etdiler. Çykyşlarda Baky Bitaraplygymyzyň ýurdumyza we dünýä ýüzünde giňden ykrar edilýändigi hem-de üstümizdäki ýylda Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygynyň uludan bellenip geçilmegine eýýämden badalga berilmegi barada uly buýsanç bilen belläp geçdiler. Maslahat duşuşygynyň dowamynda döredilýän mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.

Şeker HAÝTANOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar Guramasynyň Daşoguz welaýatynyň

Şabat etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

14 Noýabr 2025 | 52 okalan

ÝAŞLAR ÖŇE BARÝAR BATLY GADAMLAR BILEN!

14 Noýabr 2025 | 60 okalan

ÝURT ABADAN — IL ABAT

14 Noýabr 2025 | 87 okalan

WATANYŇ BUÝSANJY BAGTYÝAR ÝAŞLAR