PARAHAT ILIMDE ŞAT ÇAGALAR BAGTYÝAR

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Magtymguly adyndaky Ilkinji ýaşlar guramasynyň bilelikde guramagynda Gökderedäki “Altyn ýyldyz” çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde tomus möwsüminiň ajaýyp günlerinde dynç alýan çagalaryň gatnaşmagynda “Parahat ilimde şat çagalar bagtyýar” atly aýdym-sazly köpçülikleýin medeni çäre geçirildi.

Çäräniň dowamynda körpe nesilleriň arasynda kitap okamaga bolan söýgini artdyrmak, döredijilige höwes döretmek maksady bilen kitap okamakda, sanawaç sanamakda, surat çekmekde hem-de sportuň dürli görnüşleri boýunça bäsleşikler geçirildi. Bäsleşigiň ýeňijilerine Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň adyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaş nesilleriň döwrebap bilim almagy, ylym öwrenmegi, sport we döredijilik bilen meşgullanmagy ugrunda giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Aýjahan MUHAMMEDOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň

Medeniýet we köpçülikleýin habar beriş

bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

04 Iýul 2025 | 1 okalan

SPORT ÇÄRESI GEÇIRILDI

04 Iýul 2025 | 1 okalan

PARAHAT ILIMDE ŞAT ÇAGALAR BAGTYÝAR

03 Iýul 2025 | 32 okalan

ÇEKELEŞIKLI BÄSLEŞIKLER GEÇIRILDI