“TEGELEK STOLUŇ” BAŞYNDA SÖHBETDEŞLIK

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap Geňeşiniň hem-de Türkmen döwlet medeniýet institutynyň bilelikde guramagynda institutyň girelgesinde “tegelek stoluň” başynda söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi.

Söhbetdeşligiň dowamynda häzirki wagtda ýaş nesilleriň kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleri üçin ýurdumyzda giň gerimli işleriň alnyp barylýandygy, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde uly orun tutýandygy, ýaşlar syýasatynyň milli döwlet bähbitleriniň ileri tutulýan ugurlaryň biridigi dogrusynda aýratyn belläp geçdiler.

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar bagtyýar durmuşy peşgeş beren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Oguljahan TÖRÄÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň

Köpetdag etrap Geňeşiniň Guramaçylyk

bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

01 Sentýabr 2025 | 24 okalan

ÇAGALAR BAGY ULANYLMAGA BERILDI

01 Sentýabr 2025 | 13 okalan

SAGDYN JEMGYÝET — SAGDYN DURMUŞ

01 Sentýabr 2025 | 56 okalan

BILIM OJAKLARY KÄMILLEŞDIRILÝÄR